- tabyn
- [ta:by:n]1) Birine ýa-da bir zada garaşly bolan.∙ Sen maňa maslahat ber, men seniň maslahatyňa tabyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Menem saňa tabyn boldum. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)∙ Töwerek-daş maňa tabyn. («Mydam Taýýar» gazeti)∙ Iş gününde özüne tabyn adamlara hiç zat aýtmaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Zor bilen boýun egdirilen, boýun bolan.∙ Atabaýyň öz öýlerinde birinji gezek Akmaýany özüne tabyn etmek islegi ýol almady. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.